Täze sahna eseri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Sungata bimöçber sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ruhy baýlygy barha artýar, bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýet bilen bitewileşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — Bedew batly At-Myradyň mekany” şygarynyň dabaralanýan günlerinde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda “Oýun bir — maza iki” atly täze sahna eseri tomaşaçylara ýetiriler.

Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Aşyr Mämiliýewiň galamyna dahylly “Oýun bir — maza iki” atly bu komediýa žanryndaky sahna eseri tomaşaçylary ýylgyryşa, oýlanmaga we durmuşyň manyly pursatlaryna täzeden nazar aýlamaga çagyrýar. Spektaklda oba durmuşynyň aýratynlyklary, söýginiň päkligi, ýaşuly nesliň paýhasy hem-de ýaşlaryň ugurtapyjylygy we tutanýerliligi çeper beýan edilýär.

“Oýun bir — maza iki” spektakly milli sahna sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant bolup, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylanjakdygyna ynanýarys. Bu täze eser Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik gözlegleriniň netijelidigini nobatdaky gezek subut edip, milli medeniýetimiziň baý hazynasyny has-da artdyrar.

Teatr

Garaşylýar..


.....
04.04.2026 19:00
Bilet
Gumly gelin
05.04.2026 19:00
Bilet