.....

“Oýun bir - maza iki” sahna eseriniň many-mazmun teswiri. Sungata bimöçber sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtyýar raýatlarymyzyň rahat dynç almaklary, medeniýet bilen bitewileşmekleri ugrunda ägirt aladalar edýär, ajaýyp şertler döredýär. Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - Bedew batly At-Myradyň mekany” şygarymyzyň köňülleri, ömürleri galkyndyrýan şanly senesinde mähirden hem mertlikden ýaradylan türkmen zenanlarynyň aýgydyna, başarjaňlygyna bagyşlanan täze sahna eserini halkymyza ýetirmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes tagallalaryna mynasyp goşant goşar. Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Aşyr Mämiliýewiň galamyna dahylly “Oýun bir - maza iki” spektakly ýylgyryşa ýugrulandyr. Sahna eserinde oba durmuşundan, söýgüden, ýaşuly nesliň paýhasyndan, ýaşlarymyzyň ugurtapyjylygyndan, tutanýerliliginden söhbet açylyp, türkmen zenanlary zähmetkeşligiň hem maksada okgunlylygyň simwoly hökmünde örboýuna galýar. “Oýun bir - maza ikide” türkmen topragynyň hazynasy ak altyn ýaşlarymyzy ak arzuwlaryna ýetirýär, bagta ýetirýär.

Teatr

Garaşylýar..


.....
04.04.2026 19:00
Bilet
Gumly gelin
05.04.2026 19:00
Bilet